2022-nji ýylyň 30-njy dekabrynda TGÝMJ-niň meýletinçileri tarapyndan maşgala düzümi doly bolmadyk çagalara gyşky şowhunly täze ýyl baýramy gurnalyp, dabara geçirildi. Dabara gatnaşan çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Aýazbaba we onuň agtyjagy Garpamygy, şowhunly ýagdaýda olaryň aralaryna gelmegi bilen çagalaryň ýüzünde şatlyk duýgylary peýda boldy. Çäre aýdym-sazly, goşgydyr degişmeler aýdylyp, tans edilip, çagalaryň we olaryň ýany bilen gelen ene-atalarynyň göwünleri şatlykdan doldy. Dabaranyň dowamynda çagalara Aýazbabanyň sowgady gowşuryldy. Ol sowgatlary jemgyýetiň hemaýatkäri bolan “Kämil” söwdä merkezi üpjün etdi. Geçirilen çärede “Cake time” merkeziň ýolbaşçysy tarapyndan her bir çaga süýjilik gutysy sowgat berildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň kömek alyjy toparyň sanawunda duran raýatlaryň göwün duýgylary kanagatlandyrylyp, olaryň göwün joşgunyndan aýdylan minnetdarlygy bizi begendirdi. Täze ýetip gelen 2023-nji ýyl hemmeler üçin saglykly, rysgally, düşümli ýyl bolsun!