2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-ne «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti , Körler we kerler jemgyýeti we Ýaş Tebigatçy edaralaranynyň guramasynda konsert geçirildi. Konsert eşitmek, görmek we gürlemek ukyby bolmadyk adamlaryň çykyş etmeginde guraldy. Şeýle-de konserde birnäçe edaralardan myhmanlar, meýletinçiler we raýatlar gatnaşdy. Eşitmegi, gürlemegi we görmegi ukyby bolmadyk adamlar özleriniň ukyplaryny konsertde görkezdiler. Olaryň birnäçesi aýdym aýtdylar, tans etdiler we öz düzen goşgularyny okadylar. Şeýle-de, çäräniň dowamynda ýarmarka hem geçirildi. Ýarmarkada eşitmek, gürlemek we görmek ukyby ýok adamlaryň el işleri, ýasan birnäçe zatlary görkezildi. Ýene bir bellemeli zatlaryň biri, ol hem çäräniň dowamynda meýletinçiler tarapyndan, gelen adamlara çaý we kofe paýlanyldy. Munuň paýlanylmagynyň esasy maksady- çaý we kofe paýlanylanda ony soramak üçin meýletinçileriň öwredýän eşitmek, gürlemek we görmek ukyby bolmadyk adamlaryň üm, hereketler dili esasynda çaý-kofeni sorap almakdy. Çäräniň geçirilmeginiň esasy maksady hem eşitmek, gürlemek we görmek ukyby bolmadyk adamlaryň ähli raýatlar bilen deňligini görkezmek we bikldirmekdir.
Çäräniň ahyrynda çärä gatnaşan işjen meýletinçilere Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti tarapyndan birnäçe şahadatnamalar gowşuryldy. Çäre, ýagny konsert «Meýletinçiler» barada aýdymlar bilen tamamlandy.