BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

BAŞ SAHYPA

Her yylyň dekabr aýynyň 3-ne dünýäde «Halkara Maýyplar güni» bellenilýär. Balkan welaýatynyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri Balkanabat şäherinde  «Saglygy dikeltmek boýunça okuw merkeziniň» okuwçylarynyň arasynda « Halkara Maýyplar günine» bagyşlanan dabara geçirildi. Meýletinçiler tarapyndan çagalar üçin oýunjaklar toplandy. Olaryň köpüsi çaganyň daş-töweregindäki dünýäni öwrenmegine we maglumatlary has gowy kabul etmäne kömek edýän, reňkleri, harplary we el hereketleri kämilleşdirmäge niýetlenen oýunjaklar. Baýramçylykda meýletinçiler çagalara oýunjaklary paýladylar, munuň ýerine bagtly çagajyklaryň ýylgyrşyny we şatlygyny aldylar. Mundan başgada merkeze iki sany maýyp arabasy berildi.

Çagalar biziň gelejegimizdir! Bu geljegiň ýagty bolmagy üçin şu günde hem çagalara bilim we şatlyk bermek zerur.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2023
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 31 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 1 2
8495951
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
15509
27722
235307
606278
8495951

Siziň IP: 44.200.145.223
2023-06-09