BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

BAŞ SAHYPA

Gökderede ýerleşýän “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 4-inden başlap 6-syna çenli 19 sany meýletin merkezleriň meýletinçileri we ähli welaýatlardaky TGÝMJ – nyň jogapkärli işgärleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu ýygnagyň maksady we meselesi :

  • işjeň meýletinçileri höweslendirmek we ruhlandyrmak,
  • meýletinçilik,
  • jemgyýetçilik kömek,
  • toparlary gurnamak,
  • ýolbaşçylyk,
  • maksatlary kesgitlemek,
  • çagalar we toparlar üçin çäreleri meýilleşdirmek,
  • adam resurslaryny dolandyrmak,
  • meýletinçileriňişine baha bermek ( aýratynlyklar, üstünliler, kynçylyklar,çeşmeler,meýilnamalar, pikirler )

Her bir meýletin merkeziň başarnyklarynyň ýokarlanmagyna baha bermek, TGÝMJ bölümine goldaw bermek, beýan ediş hasabaty boýunça kiçi okuw işlerini geçirmek, olary täze we birmeňzeş standartlara çykarmak baradady. Bu ýygnanşygyň meýilnamasy işgärler we meýletinçiler tarapyndan geçirilen okuwlardan we meýletin guramalara baha bermekden ybaratdyr. Geçirilen çäräniň soňunda bolsa ähli işjeň meýletinçiler sylaglandy. Ähli meýletinçilere geçirilen okuwa gatnaşandyklary üçin gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnama gowşuryldy. Meýletinçiler öz prezentasiýalaryny we görkeziş programmalryny Türkmenistanyň çäginde bilelikde geçirdiler. Gökderäniň ajaýyp ýerlerine aýlandylar. Şahsy we iş taýdan kämilleşmek üçin täze ukyp we başarnyklary öwrendiler. Okuwlary we ussatlyk sapaklary meýletinçi hünärmenler tarapydan gurnalyndy. Olar bu çäräni gurnamakda we geçirmekde TGMÝJ – nyň hünärmenlerine garşylyksyz kömek etdiler.

Gatnaşyjylar peýdaly maglumatlar we ukyplar bilen tanyşdylar. Mundan başga- da öz aralarynda dostlaşdylar. Olaryň hemmesi özleriniň hoşniýetli adamalary bir ara getirýän bir – birine kömek etmek isleýän ösüşe goşant goşmak isleýän uly maşgalanyň bir bölegi diýip hasap edýärler. Meýletinçileriň özleri çagalar üçin oýunjak ýygnamak, aýatyn mekdepde ilkinji kömegi öwretmek we meýletinçiligi ösdürmek barada meýilnamasyny düzdüler.

Işgärler hasabat resminamalrynyň täze görnüşlerini hem aldylar we TGMÝJ – nyň meýletin merkezleriniň ýurtdaky mümkinçiliklerine baha berdiler. Mundan başga –da paýtagtymyzyň myhmanlary Aşgabat şäheriniň ajaýypgözel ýerlerine aýlanmagy başardy. Birnäçe ýatdan çykmajak gowy pursatlaryň şaýady boldular. Meýletinçiler tarapyndan düzülen meýilnama we dogry goldaw netijesinde TGMÝJ Türkmenistanda meýletinçiligiň ösmegine goşant goşup biler.

Biz meýletinçilereiň sanynyň köpelmegine we şol bir babatda geçirilýän çäreleriň artjakdygyna ynanýarys. Dünýä tejribesi ilatyň jemgyýetçilik işjeňliginiň ähmiýetini tassyklaýar. Esasan hem meýletinçiligiň ösmegi oňyn üýtgeşmelere, birek – birege kömek etmek we adamlary birleşdirmege getirip biler. TGMÝJ – nyň merkezi edarasynda we mundan başga- da welaýatlaryň ählisinde ýerleşýän TGÝMJ – nyň jogapkärli işgärleri täze meýletinçileri kabul edip işlämäge taýýar.

Paýtagt we welaýat merkezleriniň meýletinçileri üçin telefon belgiler :

Aşgabat 930749

Balkanabat 800222777334

Mary 80052258480

Änew 80013744620

Türkmenabat 80042258615

Daşoguz 80032292813 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2023
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 31 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 1 2
8497729
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
17287
27722
237085
606278
8497729

Siziň IP: 44.200.145.223
2023-06-09