BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

BAŞ SAHYPA

2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti  Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi (UNDRR) we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF), Goranmak ministrligi we bilen birlikde Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň Halkara güni mynasybetli çärä gatnaşdy. Türkmenistanda tebigy betbagtçylyklary azaltmak we 2015-2030-njy ýyllarda Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak (TBTA) boýunça 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada geçen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda kabul edilen “Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny” (SÇM) işjeň durmuşa geçirmek boýunça öňegidişligiň gazanylanlygyny bellemek üçin baýramçylyk çäresini geçirdi.

Çärä adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edaralaryň ýolbaşçylary, halkara we jemgyýetçilik guramalary, şeýle-de Türkmenistanyň bu ugurda gazananlaryny, adatdan daşary ýagdaýlara onuň taýýarlygyny, şeýle-de tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça gazanylan ösüşi görkezmek üçin ýaşlar gatnaşdylar. 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen pajygaly ýer titremesiniň pidalaryny ýatlap we öňünden duýduryş ulgamlarynyň wajyplygyny nygtaýan çykyşlar geçirildi. Çäre “Durnuklylygyň aýdymy” atly bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmegindäki aýdymlar bilen tamamlandy.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
6939695
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2893
24877
568163
131460
6939695

Siziň IP: 44.201.94.236
2023-03-30