BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

BAŞ SAHYPA

   Bu dabarada Jemgyýetiň ýolbaşçysy, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekili , Türkmenistanyň Merkezi Döwlet arhiwiniň işgäri we jemgyýetiň işgärleri çykyş etdiler.
   Däp bolşy ýäly 8-nji maýda, dünýäde Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň güni we ony esaslandyryjy Anri Dýunanyň doglan güni bellenýär.
   Bu gün bütin dünýäde Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketi mätäç ilatyň dürli gatlaklary üçin işleýär.
Bu gün, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň meýletinçileri her bir jemgyýetde, köplenç iň kyn şertlerde işleýän, güýjüni sarp edýän, hatda durmuşyny bagyşlaýan, bahasyna ýetip bolmajak goşantlary bellenilip geçilýär.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2023
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 31 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 1 2
8495876
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
15434
27722
235232
606278
8495876

Siziň IP: 44.200.145.223
2023-06-09