BAŞ SAHYPA

   2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde gurnamagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly «Breýn – Ring» bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde talyplara «Türkmenistanyň milli diplomatik ýörelgesi – parahatsöýüji ynsanperwer syýasaty», «Türkmenistanyň halkara başlangyçlary we öňe süren Rezolýusiýalary», «Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk we energetika diplomatiýasynyň taryhy we geljegi», «Türkmenistan – Birleşen Milletler guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy» atly ugurlar boýunça soraglar berildi. Bu bäsleşige Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary Filip Saprykin hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Nurberdi Amanmyradow dagylar adalatly eminlik etdiler.
   Gyzykly geçen «Breýn-Ring» bäsleşiginiň jemleri boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary I orna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary II orna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary bolsa III orna mynasyp boldular. Mundan başga-da, «iň gowy çykyş eden talyp» nominasiýasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýjemal Orazberdiýewa ýeňiji bolmagy başardy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan taýýarlanan diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Talyp ýaşlaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi döwletimiziň milli diplomatik ýörelgesi bolan parahatsöýüji ynsanperwer syýasatyny wagyz etmäge, ýaşlaryň umumadamzat meselelerini agzybirlikde, birek-birege ynanyşmak medeniýetini gaýtadan dikeltmek zerurlygyna düşünmeklerini gazanmaga we ýaşlaryň arasynda ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär.
   Bäsleşige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly pelsepesiniň esasynda dünýä döwletleriniň arasynda özara ynamyň, birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylyk esasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň guraly hökmünde dialogyň durýandygyny nygtap, dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda döwlet ähmiýetli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.