Habarlar

        Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň gurnamagynda mümkinçiligi çäklendirilen çagalaryň arasynda  surat bäsleşigini geçirmek  indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Ynha indi ençeme ýyl bäri geçirilýän  bu bäsleşige Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň hem-de Kömekçi mekdebiň okuwçylary işjeň gatnaşýarlar. Bu gezekki bäsleşik 2016-njy ýylyň fewral aýynda “Men durmuşy söýýärin!” atly şygar bilen geçirildi.  Bu bäsleşige 5 ýaşdan 17 ýaş aralykdaky  60 sany höwesjeň gatnaşdy. Çagalar öz çeken suratlarynda Watan, tebigat, maşgala baradaky öz içki duýgularyny beýan etdiler. Suratlaryň birentegi ýagty duýgulara baýlygy, aýratynlygy, hyýalbentligi bilen tapawutlanýardy. Ähli çekilen suratlara TGÝMJ-niň işgärlerinden düzülen emin agzalary tarapyndan mynasyp baha berildi. Emin agzalary biragyzdan çekilen suratlaryň ählisiniň göwnüňi göterýändigini, çagalarda çeper döredijilige bolan höwesi oýarmagyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Baýrakly orunlara mynasyp bolan çagalara pikirlenişiňi ösdürýän, stoluň üstünde goýup oýnalýan oýunlar hem-de döredijilik üçin gerek bolan serişdeleriň toplumy sowgat berildi.
        Bäsleşik özüneçekiji hem-de işjeň ýagdaýda geçdi. Kimiň ýeňiji bolanlygynyň tapawudy ýok. Bäsleşigiň manysy bu zatlarda däl. Esasy zat – çagalara durmuşy söýmegi, oňa sarpa goýmagy öwretmekde.

12253859
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12231
21250
287239
588121
12253859

Siziň IP: 18.116.21.229
2024-05-15