Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgiýetiniň iş meýilnamasyna laýyklykda 2020-nji ýylyň iýul –awgust aýlarynda Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda Tükmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keseller we maşgala lukmany kafedralary bilen bilelikde maşgala lukmanlarynyň arasynda ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça okuw çäreleri dowam etdirildi. Geçen döwürde, okuw çärelerine Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan 240 sany maşgala lukmanlary gatnaşdylar. Okuw çäreleriniň dowamynda Tükmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli hünärmenleri tarapyndan, ýiti respirator ýokanjynyň alamatlary, ir ýüze çykarmak, keseli anyklamak we seçip almak, näsaglary kliniki alyp barmak we şol sanda, maşgala lukmanlarynyň ambulator bejergileri, infeksion gözegçilik barada giňişleýin bilimler berildi. Okuw çäreleriniň soňunda maşgala lukmanlaryna degişli maglumatlar elektron görnüşde paýlanyp berildi.