TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň S.Rozmetow adyndaky Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tehniki işgärleriniň arasynda “Ýangyn howpsuzlygyň öňüni almak” boýunça wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. Bu çäre adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň çäklerinde öňüni alyş we taýýarlyk işlerine bagyşlandy we ýangyn ýüze çykan ýagdaýynda ýerine ýetirmeli hereketleriň düzgünleri barada düşündiriş işleri geçirildi. Çärä gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlara garşy çäreleriň taýýarlyk we dolandyryş işlerinde öz endiklerini kämilleşdirmäge mümkinçilik aldylar. Tomusyň gelmegi bilen, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan ilatyň arasynda wagyz-nesihat işleriniň ýola goýmak bilen, welaýatyň çäginde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmeginde öz goşantlaryny goşýarlar.